22/04/2026
59
MEKDEP OKUWÇYLARY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň «Lingvo World» ylmy gurnagynyň guramagynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine berkidilen Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylarynyň we talyplaryň gatnaşmagynda “The Role of Foreign Languages in International Relations” atly okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagynyň dowamynda çykyş edenler halkara gatnaşyklary dünýäsinde dil diňe bir aragatnaşyk guraly däl-de, eýsem diplomatik üstünligiň, ylalaşygyň we medeni akyl ýetirişiň iň esasy açarydygyny, daşary ýurt dilini öwrenmegiň, şol halkyň medeniýetine we gymmatlyklaryna hormat goýmagyň nyşanydygyny bellediler.
Geçirilen okuw sapagynyň esasy maksady halkara gatnaşyklary boýunça bilimini artdyrmakdan, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrmakdan, olaryň sözleýiş ukyplaryny ösdürmekden ybarat boldy.
Şeýle okuw sapagy türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde yzygiderli guralmagy mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmaga, ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrmaga mynasyp goşantdyr.
Nurgeldi ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
21/04/2026
HALKARA HUKUGY ÝYLYNA BAGYŞLANAN BRIFING
21/04/2026
OKUW-USULY MASLAHAT GEÇIRILDI