22/04/2026
41
«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ I ÝARYM FINAL OÝNY
2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň I ýarym final oýny geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, institutyň düzüminde hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda badalga berlen V möwsümi «Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk syýasatynyň hem-de özara ynanyşmak dialogynyň merkezi» atly umumy şygar astynda geçirilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna uly goşant goşýar.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň I ýarym final oýnuna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Aýhan Arslanow, 12-nji synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew, 12-nji synp okuwçysy Hydyr Durdyýew, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aýnur Gylyjowa, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kerim Döwletow, Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Jemal Hallyýewa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Allamyrat Şyhyýew dagy gatnaşdylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň I ýarym final oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň» Taryh we arheologiýa institutynyň direktorynyň ylmy işleri boýunça orunbasary, taryh ylymlarynyň kandidaty Han-durdy Gurbanow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukuk we deňeşdirme hukuk öwrenişkafedrasynyň uly mugallymy Merjen Gurbannazarowa dagy adalatly eminlik etdiler.
Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Aýhan Arslanow, 12-nji synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kerim Döwletow dagy ýeňiş gazanmagy başardylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň I ýarym final oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hemaýatkärlik etdi. Ýeňijiler we bäsleşige gatnaşyjylar ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Şeýle-de olara institutymyzyň Hormat hatlary gowşuryldy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň I ýarym final oýny Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy bilen bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşik ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.
Mähri GUZYÇYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.