07/11/2026
72
Durnukly ösüş maksatlary: ýaşlarda ekologiýa medeniýetini ösdürmek barada duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ýaşlarda ekologiýa medeniýetini ösdürmek barada duşuşyk geçirildi. Oňa instutytyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Duşuşygyň esasy maksady ýaşlaryň arasynda howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologik medeniýeti ösdürmek hem-de durnukly ösüş maksatlarynyň ähmiýeti barada düşünjeleri giňeltmekden ybarat boldy.
Duşuşygyň dowamynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň taslamalar boýunça bilermeni Jemal Durdykowa çykyş etdi. Ol öz çykyşynda howanyň üýtgemeginiň häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm meseleleriň biri bolup durýandygy, onuň tebigata, adamlaryň ýaşaýyş şertlerine we ykdysady ösüşe ýetirýän täsirleri barada giňişleýin maglumatlar berdi. Şeýle-de howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň arassalygyny saklamak hem-de ekologik meseleleriň çözülmegine ýaşlaryň goşant goşmagynyň ähmiýeti barada aýratyn belledi.
Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginde bilimiň we ýaş nesliň ekologik düşünjeliliginiň aýratyn orny barada nygtap, howa bilimi arkaly ýaşlarda tebigata aýawly çemeleşmek, daşky gurşawy goramak we geljekki nesilleriň ýaşaýşy üçin jogapkärçilik duýgusyny ösdürmek ýaly möhüm meseleler durup geçdi.
Şeýle-de hünärmen howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň çözülmeginde halkara hyzmatdaşlygyň, ylmy-bilimli çemeleşmeleriň we jemgyýetçilik habarlylygynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
Şeýle duşuşyklaryň geçirilmegi ýaşlaryň ekologik düşünjelerini giňeltmäge, olaryň durnukly ösüş maksatlaryna bolan gyzyklanmalaryny artdyrmaga hem-de daşky gurşawy goramak boýunça işjeň raýatlyk garaýyşlaryny kemala getirmäge ýardam berýär.
Çynar AZADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby