30/06/2026
61
MAÝYPLARYŇ HUKUKLARY HAKYNDAKY KONWENSIÝA BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabat şäherindäki binasynda maýyplaryň hukuklary hakyndaky konwensiýa boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw maslahatyna ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Okuw maslahatyny Türkmenistana iş sapary bilen gelen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (OHCHR) hünärmeni hanym Kseniýa Siminçuk alyp bardy.
Okuw maslahatynyň dowamynda maldowaly bilermen hanym Kseniýa Siminçuk maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýete goşulmagy, olaryň hukuklaryny öňe sürmek we mümkinçiliklerini giňeltmek üçin goldaw bermek boýunça BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Dürli oýunlar, özara pikir alyşmalar arkaly interaktiw usulda alnyp barlan okuw maslahaty örän täsirli we netijeli boldy.
Jemile PÜRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň uly mugallymy