11/11/2026
23
«EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY – WATAN ROWAÇLYGY» ATLY YLMY – DÖREDIJILIK MASLAHATY
2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň guramagynda, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen «Ene tebigat» («Mama-Nature») atly halkara sungat sergisine guralan gezelenç esasynda “Ekologiýa abadançylygy – Watan rowaçlygy” atly ylmy döredijilik maslahaty geçirildi. Gezelenjiň dowamynda oňa gatnaşyjylar sergide görkezilen sungat eserleri bilen tanyşdylar hem-de taslamanyň esasy maksady we düşünjesi barada maglumat aldylar.
Ylmy döredijilik maslahatynda institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty – Ogulgurban Ezimowa we institutyň talyplar çykyş etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar özleriniň çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmagynyň taryhy ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler.
Maslahat örän tasirli bolup, ekologiýa diplomatiýasynyň gurallaryna, ýaşlaryň ýolbaşçylyk ukyplaryny ösdürmek we global ekologiýa maksatlaryna ýetmekde olaryň goşandyny artdyrmak baradaky meselelere aýratyn üns berildi.
Ogulhajat NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby