30/10/2026
51
UNESCO-NYŇ BÜTINDÜNÝÄ MEDIA WE MAGLUMAT SOWATLYLYGY HEPDELIGINIŇ HALKARA ÄHMIÝETI
Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy hem-de halkara giňişliginde bäsleşige ukyply sanly tehnologiýalardan hem-de ösen maglumat-aragatnaşyk serişdelerinden dogry peýdalanymagy başarýan, daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Milli bilim ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de ýaşlaryň intellektual we döredijilik kuwwatyny bütin adamzat bähbitli ynsanperwer maksatlara gönükdirmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biridir.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz halkara guramalary, esasan hem, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasy UNESCO bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Häzirki döwürde geosyýasy, ykdysady we sanly ösüş şertlerinde jemgyýetiň durnuklylygyny, ýurt parahatçylygyny hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary saklamak halkara bileleşiginiň öňünde duran iň möhüm wezipeleriň biridir. UNESCO tarapyndan bütin dünýäde her ýylyň 24–31-nji oktýabry aralygynda dabaraly bellenilip geçilýän Bütindünýä media we maglumat sowatlylygy hepdeligi (Global Media and Information Literacy Week) edil şu belent ynsanperwer maksatlara gönükdirilendir. Bu halkara hepdeligiň geçirilmeginiň düýp mazmuny dünýä döwletleriniň arasynda sanly hyzmatdaşlygy berkitmekden, jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamakdan we maglumat giňişliginde parahatçylyk medeniýetini döretmekden ybaratdyr. Taryhy gözbaşyny 2012-nji ýylda Marokkonyň Fez şäherinde geçirilen halkara forumyndan alýan bu giň gerimli çäre 2019-njy ýylda UNESCO-nyň Baş Konferensiýasynyň 40-njy sessiýasynda, 2021-nji ýylyň martynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen resmi taýdan bütindünýäde bellenilýän halkara günleriň we hepdelikleriň senenamasyna girizildi. Bu hepdeligiň ahlumumy derejede bellenilmegi bütindünýäde maglumat dogrulylygynyň, jemgyýetiň maglumat sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň we sanly medeniýeti üpjün etmegiň halkara platformasyna öwrüldi. Däp bolşy ýaly, her ýyl bir şygar astynda geçirilýän bu hepdelik 2026-njy ýylda UNESCO tarapyndan öňe sürlen “Hemmeler üçin media we maglumat sowatlylygy ugrunda hemmämiz öz goşandymyzy goşýarys” (“We All Play a Part – Media and Information Literacy for the People”) diýen şygar çuňňur mana eýedir.
Ylmy nukdaýnazaryndan seredeňde, akyl adamyň daşky gurşawy aňlamaga, maglumaty seljermäge we çylşyrymly kararlary kabul etmäge bolan ukybydyr. Häzirki zaman sanly eýýamynda maglumat akymlarynyň aşa köp bolmagy hem-de galp habarlaryň ýaýramagy adamyň kognitiw durnuklylygyna we aň arassalygyna gös-göni täsir edýär. Şunlukda, media we maglumat sowatlylygy diňe bir şahsy endik bolman, eýsem, halkara maglumat howpsuzlygynyň hem-de milli durnuklylygyň möhüm bölegi hökmünde çykyş edýär. UNESCO-nyň Düzgünnamasynda bellenilişi ýaly, parahatçylygy goraýjy binýat adamlaryň aňynda gurulmalydyr. Şol sebäpli Bütindünýä media we maglumat sowatlylygy hepdeliginiň çäginde amala aşyrylýan «MILID Network», «UNESCO MIL Alliance», «GAPMIL Youth Ambassadors» we «MIL CLICKS» ýaly global taslamalar sanly ulgamda parahatçylyk medeniýetini döretmäge, sanly raýatlygy ösdürmäge hem-de halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny berkitmäge giň mümkinçilikleri açýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän UNESCO kafedralary we klublary okuw we ylmy işlerde media serişdelerini, sanly maglumat çeşmelerini hem-de innowasion tehnologiýalary ýerlikli ulanmak arkaly mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň media-maglumat sowatlylygyny, medeni diplomatiýa we durnukly ösüş baradaky düşünjelerini ösdürmek maksady bilen Bütindünýä media we maglumat sowatlylygy hepdeligine bagyşlap birnäçe çäreleri geçirdiler. Şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly UNESCO kluby bu ugurda 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň “Ýaş žurnalistler” ylmy-döredijilik gurnagy hem-de media topary bilen bilelikde “Media giňişliginde halkara hyzmatdaşlygy we halypa-şägirtlik mekdebi” atly döredijilik duşuşygyny we giň gerimli medeni sergisini geçirdi.
Döredijilik duşuşygynyň açylyşynda dabara gatnaşyjylar institutyň okuw binasynyň foýesinde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň milli tagamlarynyň, egin-eşikleriniň, şeýle hem talyplaryň hünäri bilen bagly döredijilik we media önümleriniň sergisini synladylar. Soňra döredijilik duşuşygynyň barşynda baý mazmunly çykyşlara giň orun berildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Gülşat Ýusupowa öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň bilim-terbiýesini, media sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de milli bilim tejribesini UNESCO-nyň halkara ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrmagyň wajyplygyny nygtady. Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň uly ylmy işgäri Bekdurdy Amansaryýew halkara media giňişliginde hyzmatdaşlygyň, sanly diplomatiýanyň we ygtybarly maglumat akymlaryny seljermegiň möhüm taraplary barada ylmy pikirlerini paýlaşdy.
Dabaranyň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar baýramçylyk çäresiniň täsirini has-da artdyrdy. Guralan bu giň gerimli ylmy-medeni çäreler ýurdumyzda ýaşlaryň döredijilik hem-de intellektual kuwwatyny ösdürmäge berilýän ünsüň aýdyň subutnamasy bolup, sanly diplomatiýany we halkara hyzmatdaşlygy täze belentliklere götermäge giň ýol açýar.
Aýgözel ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy