29/10/2026
104
«FILOSOFIÝA – ÄHLI YLYMLARYŇ GÖZBAŞY» ATLY YLMY SEMINAR GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň «Paýhas we parasat» ylmy gurnagynyň guramagynda «Filosofiýa – ähli ylymlaryň gözbaşy» atly ylmy seminar geçirildi. Ylmy seminara institutyň professor-mugallymlary hem-de gurnagyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Ylmy seminaryň dowamynda çykyş eden talyplar filosofiýa ylmynyň görnükli wekilleri bolan Sokratyň, Platonyň, Aristoteliň we Fridrih Niçäniň taglymatlary, olaryň dünýä filosofiýasynyň ösüşine goşan goşantlary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de olar filosofik pikirleriň ähmiýetini, olaryň ynsan dünýägaraýşyny kemala getirmekdäki we jemgyýetiň ösüşindäki ornunyň uludygyny aýratyn nygtadylar. Çykyşlarda ýaş nesliň filosofiýa ylmyna bolan gyzyklanmasyny artdyrmagyň, talyplaryň pikirleniş ukybyny ösdürmegiň hem-de olaryň ylmy dünýägaraýşyny giňeltmegiň ähmiýeti barada hem durup geçildi.
Seminaryň ahyrynda talyplar ýaşlaryň bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy we öz başarnyklaryny ösdürmegi üçin döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler. Bu ylmy seminar ýaş nesliň intellektual ösüşini, pikirleniş medeniýetini kämilleşdirmäge gönükdirilen möhüm çäreleriň biridir.
Oguljan TIRKEŞMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
16/06/2026
GALKYNYŞLY GÜNLERIŇ ÝAŞ ALYMY
13/06/2026
ÝAŞLARYŇ YLMY ÜSTÜNLIGI