22/10/2026
64
«AZIÝADA YNAMY BERKITMEK, ULAG BAGLANYŞYGYNY WE EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA INNOWASION BASLANGYÇLAR» ATLY OKUW-USULY SEMINARY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministirlginiň Halkara gatnaşyklary institutyň Strategik barlaglar merkeziniň guramagynda okuw-usuly seminary geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebimiziň talyplary hem-de magistrantlary gatnaşdylar.
Okuw-usuly seminarynda Strategik barlaglar merkeziniň uly ylmy işgäri, filologiýa ylymlaryň kandidaty Bekdurdy Amansaryýew hem-de merkeziň ylmy işgärleri Allaberdi Nyýazow we Oraz Annabaýew dagylary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň Aziýa sebitinde durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletara ynanyşmagy berkitmek we geosyýasy taýdan möhüm bolan ulag-logistika geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak ugrunda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ylmy we amaly ähmiýeti barada gürrüň berdiler.
Okuw seminaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tema degişli özlerini gyzyklandyrýan sorag-jogap alyşdylar. Sapak täsirli geçdi.
Eziz MÄTIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby