19/10/2026
54
“Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty: döwlet gurmagyň hukuk we dolandyryş esaslary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň guramagynda “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty: döwlet gurmagyň hukuk we dolandyryș esaslary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahaty institutyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy Aýbölek Geldiýewa alyp bardy. Onda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri, institutyň talyplarydyr, mugallymlary çykyş etdiler.
Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar−Watanyň dayanjy” atly kitabyndaky “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip aýdanlaryndan ugur alnyp, ýaş nesliň hukuklaryny goramak, olaryň döwlet dolandyryşyna goşant goşmagyny üpjün etmek we kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak baradaky meseleler hakynda aýdyldy. Ýaşlar syýasatynyň hukuk esaslaryny döwrebaplaşdyrmaga we “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu kanunyň ýaşlaryň ykdysady özbaşdaklygyny, telekeçiligi we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen ýeňillikleri öz içine alýandygyny nygtadylar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň hukuk we dolandyryş esaslaryny has-da kämilleşdirmek, döwlet gurujylygynda ýaş nesliň ornuny berkitmek we ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Şatlyk BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby