13/06/2026
62
ÝAŞLARYŇ YLMY ÜSTÜNLIGI
2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Her ýylda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilýän bu ajaýyp bäsleşik ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Çünki bu bäsleşik zehinli ýaşlary – ýaş alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga ýardam edip, ylmyň dürli pudaklarynda barlaglary höweslendirmäge gönükdirilendir.
Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Allanur Şyhyýew 1-nji orna, Halkara arbitraž we işewürlik hukugy ugrunyň magistranty Babajan Rozybaýew 2-nji orna, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Sahydöwlet Hümmetjumaýew 3-nji orna we hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldular.
Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyp ýaşlaryny gazanan ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we geljekki bäsleşiklerde hem üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Mergen GELDIMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
12/06/2026
BUŞLUK, ÝAŞ ALYM BOLDUM!
03/06/2026
TALYPLARYMYZYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINDÄKI ÝEŇŞI