26/11/2026
97
MALAÝZIÝANYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guramagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Malaýziýanyň Tehniki Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (MTCP) okuw maslahatlaryna gatnaşan wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa institutyň ýolbaşçylary we professor-mugallymlary gatnaşdylar.
Duşuşykda MTCP maksatnamasynyň çäklerinde gazanylan tejribeler, bilimi kämilleşdirmek we iki ýurduň diplomatik gatnaşyklary, ylym-bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy. Malaýziýanyň Tehniki Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy Malaýziýanyň ösüp barýan ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmak we adam maýasyny ösdürmek maksady bilen 1980-nji ýylda döredilen halkara goldaw maksatnamasydyr. Onuň esasy ugurlary döwlet gullukçylary we pudaklaýyn hünärmenler üçin döwlet dolandyryşy, ykdysadyýet, bank işi, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, diplomatiýa we gümrük gözegçiligi ýaly ugurlarda tejribe alyşmak okuwlary guramak bolup durýar.
Türkmenistan hem MTCP maksatnamasyna işjeň gatnaşýan ýurtlaryň biridir. Ýurdumyzyň dürli döwlet edaralarynyň, şol sanda Daşary işler ministrliginiň hem-de Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Malaýziýada gysga möhletli okuwlary geçip, hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar.
Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ynsanperwer-medeni, bilim, ykdysady we diplomatik ugurlary öz içine alýan köptaraply häsiýete eýedir. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen duşuşyk ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň iki ýurduň ýaş hünärmenleriniň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmaga, halkara tejribesini özleşdirmäge we geljekki bilelikdäki taslamalar üçin berk binýat döretmäge mümkinçilik berdi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Selbi BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
15/10/2026
FILIPPINLI WEKIL BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
11/06/2026
ITALIÝALY WEKIL BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
08/05/2026
ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK