15/10/2026
96
FILIPPINLI WEKIL BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Filippinler Respublikasynyň Daşary işler sekretarynyň (ministriniň) orunbasary jenap Leo M. Herrera-Limiň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň alyp barmagynda institutyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Duşuşykda jenap Leo M. Herrera-Lim ASEAN gündogar Aziýadaky ýurtlary birleşdirýän sebitdäki hökümetara syýasy, ykdysady we medeni gurama hakynda belläp geçdi. Aýratyn-da, iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere ünsi çekdi. Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda iki döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da ýygjamlaşmagy we dostlukly gatnaşyklar dogrusynda durlup geçildi.
Okuw sapagynyň ahyrynda talyp ýaşlar hormatly myhmana özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip anyk jogaplary aldylar. Myhman institutyň geljekki halkaraçy hünärmenleri taýýarlamak babatyndaky işine ýokary baha berip, talyp ýaşlara okuwlarynda üstünlikleri arzuw etdi.
Muhammetaly ANNAMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler