05/06/2026
83
«ÝAŞYL GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYK» ATLY EKOLOGIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 4-5-nji iýuny aralygynda Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiki çäreler toplumy geçirildi. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä bilimi ekologiýalaşdyrmak syýasatyny hem-de ýurdumyzyň galyndysyz jemgyýeti ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny wagyz etmek maksady bilen gurnalan bu çäre, köp sanly edaralaryň we halkara guramalaryň durnukly geljek ugrundaky tagallalaryny bir ýere jemledi. Çäräniň guramaçylary hökmünde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP), «Design Plus» milli döredijilik topary hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy çykyş etdiler.
Çäräniň ilkinji güni gatnaşyjylar üçin örän täsirli we amaly sapaklar bilen başlandy. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň, klublarynyň, Aşgabat şäherindäki assosirlenen mekdepleriň we «Ýaş tebigatçy» guramasynyň wekilleri ilki Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri bilen duşuşyp, tebigaty goramagyň amaly syrlary bilen tanyşdylar. Günüň ikinji ýarymynda bolsa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Türkmenistanda dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti hem-de halk lukmançylygy» atly tanyşdyrylyş sapagy geçirilip, ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsiniň saglygy goraýyşdaky orny barada giňişleýin gürrüň edildi.
Ekologiki çäräniň ikinji güni Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dowam etdi. Bu ýerde ilki bilen ÝUNESKO klublary, «Design Plus» topary we birnäçe hususy telekeçiler tarapyndan taýýarlanan «Geçmişden geljege tarap eko ädimler» atly döredijilikli sergi guraldy. Sergiden soň, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň direktory L.Şyhmädowanyň alyp barmagynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rüstemowanyň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekiliniň hem-de ylym we bilim ulgamynyň öňdebaryjy hünärmenleriniň çykyşlary diňlenildi.
Geçirilen bu çäreler toplumy ýaşlaryň arasynda ekologiki medeniýeti kemala getirmekde, galyndylary azaltmak we gaýtadan işlemek başarnyklaryny ösdürmekde hem-de jemgyýetde galyndysyz ýaşaýyş ýörelgesini giňden ornaşdyrmakda möhüm ädim boldy.
Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby