30/05/2026
28
«MEDENI DIPLOMATIÝA – DOSTLUK KÖPRÜSI» ATLY PREZENTASIÝA BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň guramagynda talyplaryň döredijilik we intellektual ukyplaryny kämilleşdirmek, hem-de halkara medeni gatnaşyklara bolan gyzyklanmasyny artdyrmak maksady bilen klubyň agzalarynyň arasynda «Medeni diplomatiýa – dostluk köprüsi» atly prezentasiýa bäsleşigi geçirildi. Bu çäre Dialog we ösüşiň hatyrasyna medeni dürlüligiň Bütindünýä gününe bagyşlanyldy.
Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO tarapyndan 2001-nji ýylda Medeni dürlülik baradaky ählumumy Jarnamanyň kabul edilmegi bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda 2002-nji ýyldan bäri her ýylyň 21-nji maýy dünýä giňişliginde Dialog we ösüşiň hatyrasyna medeni dürlüligiň Bütindünýä güni hökmünde bellenilip gelýär. Bu halkara sene halklaryň arasynda özara düşünişmegi, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Medeni dürlülik diňe bir baý miras bolman, eýsem döwletleri we halklary biri-birine ýakynlaşdyrýan, parahatçylykly hem-de ynanyşykly gepleşikleri ösdürýän esasy guraldyr. Bäsleşigiň baş maksady hem talyplaryň arasynda medeni diplomatiýanyň parahatçylyk guraly hökmündäki ornuny dabaralandyrmakdan we geljekki diplomat hünärmenleriň çykyş etmek başarnyklaryny kämilleşdirmekden ybarat boldy.
«Parahatçylyk medeniýeti» ÝUNESKO klubynyň agzalarynyň arasynda guralan bu bäsleşikde institutyň dürli fakultetleriniň talyplary özara bäsleşip, dünýä dillerinde döwrebap prezentasiýalary hödürlän Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby Mergen Geldimyradow, Halkara hukugy fakultetiniň talyby Wepa Myradow, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň Medine Jeýhunowa we Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby Bäşim Permankulyýew özleriniň täsirli çykyşlary bilen aýratyn işjeňlik görkezdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda medeni dürlüligiň, özara ynanyşmak dialogynyň, hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň parahatçylykly geljegi guramakda, bu ugurda ýaşlaryň we geljekki hünärmenleriň eýeleýän ornunyň uludygy bellenildi. Çärä gatnaşyjylar ýaşlara döwrebap ylym-bilim almaga, öz zehinlerini açmaga döredip berýän giň gerimli mümkinçilikleri hem-de yzygiderli goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.
Mukam BABAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby