20/10/2026
85
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň mazmunyny düşündirmek maksady bilen ylmy maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň mazmunyny düşündirmek maksady bilen ylmy maslahat geçirildi. Maslahata institutyň Halkara hukugy fakultetiniň talyplary gatnaşyp, ony Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Baýrammyrat Almyradow alyp bardy.
Ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda eriş-argaç bolup geçýän ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişi, ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler, ýaşlar bilen bagly kabul edilen resminamalar, ýaşlary terbiýelemekde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti barada aýdyp geçdi. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň öz ilkinji neşirinde türkmenistanly ýaşlaryň çeken zähmetine we gazanan üstünliklerine ýokary baha berendigini, ýaşlaryň ýeten sepgitleriniň kitabynda ýerleşdirendigini buýsanç bilen beýan etdi. Gymmatly kitabyň her bir ýaş raýat üçin gymmatly çeşme we gollanma bolup hyzmat edýändigi hakynda belläp geçdi.
Güljahan AMANBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy
Soňky täzelikler