23/10/2026
138
BMG-niň 81 ýyllygyna bagyşlanan «Model UN: Language & Negotiation Simulation» atly bäsleşik
2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň döredilmeginiň 81 ýyllygyna bagyşlanan «Model UN: Language & Negotiation Simulation» atly bäsleşik geçirildi. Çäre ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň meýilnamalaryna laýyklykda, talyplaryň halkara gepleşik we daşary ýurt dillerini we ukyplaryny ösdürmek maksady bilen institutyň Dünýä dilleri kafedrasynyň «Lingvo World» ylmy gurnagy tarapyndan guraldy.
Bäsleşigiň çäginde talyplar 3 sany şert boýunça bäsleşdiler: çäräniň 1-nji şerti boýunça talyplar tarapyndan medeni sergi gurnalyp, arap, pars, nemes, fransuz, ýapon we hytaý dillerinde şol ýurtlaryň daşary syýasaty we medeniýeti tanyşdyryldy. 2-nji şertde diplomatik terjime boýunça özara bäsleşip, berlen syýasy we diplomatik jümleleri okadylýan dillerden türkmen diline terjime edildi. Bäsleşigiň 3-nji şertinde BMG-niň derwaýys temalaryna degişli görkezilen wideorolik boýunça talyplar daşary ýurt dillerinde öz düşünjelerini beýan etdiler.
Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, örän çekeleşikli we gyzykly geçen ýaryşyň ýeňijileri şeýle kesgitlendi: 1-nji orna: Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary, 2-nji orna: Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary, 3-nji orna: Halkara hukugy fakultetiniň talyplary eýe boldular.
Halkara gepleşikleriň we diplomatik ukyplaryň dabaralanmagyna öwrülen bu çäre talyplaryň geljekki hünärine taýýardygyny ýene-de bir gezek subut etdi.
Begenç GUWANJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby