21/04/2026
86
BELGIÝA PATYŞALYGYNDA GEÇIRILEN OKUW MAKSATNAMASY
Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, sebitiň durnukly ösüşi we energetika howpsuzlygy üçin strategiki ähmiýete eýedir. Bu gatnaşyklar esasan 2019-njy ýylda kabul edilen “Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýasy” arkaly düzgünleşdirilýär.
Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar baradaky gullugy tarapyndan 2026-njy ýylyň 14 – 16-njy aprelinde Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel we Brýugge şäherlerinde Ýewropa Bileleşigi we onuň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy barada okuw maksatnamasy guraldy. Bu halkara okuw maksatnamasyna Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň diplomatlary we halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenlerinden düzülen wekiliýetler gatnaşdylar. Bu syýasy okuw maksatnamasynyň esasy maksady 2025-nji ýylyň 4 – 6-njy noýabry aralygynda Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystandaky wekilhanasynyň gurnamagynda geçirilen “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” syýasy okuw seminarynyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady ösüşi, arassa energiýa, sanly ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de Ýewropa Bileleşiginiň syýasy ulgamy, Ýewropanyň Daşary işler gullugynyň orny, Ýewropa Bileleşiginiň täze geosyýasy döwürde daşarky gatnaşyklary bilen baglanyşyklydyr.
2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilen okuw maksatnamasynyň çäklerinde esasan hem Ýewropanyň Daşary aragatnaşyk gullugynyň işi, howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak, sanksiýalar bölüminiň işi bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Şol günüň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti wezipelerini ýerine ýetirýän Kaýa Kallas bilen duşuşyk geçirildi. Ol häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatyny kesgitlemekde we onuň dünýädäki diplomatik gatnaşyklaryny dolandyrmakda iň esasy şahsyýetleriň biridir. Duşuşygyň dowamynda hanym Kallas özüniň alyp barýan esasy wezipeleri barada giňişleýin durup geçdi we oňa gatnaşyjylaryň sowallaryna jogap berdi.
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Belgiýa Patyşalygynyň Brýugge şäherinde ýerleşýän Ýewropa Bileleşiginiň Diplomatik akademiýasynda Ýewropa Bileleşiginiň giňelme sebiti üçin diplomatik maksatnamasy bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Bu akadamiýada geçirilen okuw maksatnamasynyň çäginde Ýewropa Bileleşiginiň Diplomatik akademiýasynyň diňleýjileri bilen Merkezi Aziýa döwletiniň wekiliýetleriniň arasynda Merkezi Aziýada ulag, energetika we ekologiýa ugurlary boýunça debat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri işjeň gatnaşdyrlar.
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Ýewropa Parlamentiniň, Ýewropa Komissiýasynyň işleri bilen giňişleýin tanyşmak maksadynda ýörite çäreler geçirildi. Ýagny, Ýewropa Parlamentiniň halkara söwda baradaky komitetiniň maslahatyna gatnaşmak hem-de Ýewropa Komissiýasynyň komitetiniň agzalarynyň çykyş etmeginde halkara hukugynda adam hukuklary, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy baradaky okuw sapaklary guraldy.
“Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” hyzmatdaşlyk formaty özara gatnaşyklary giňeltmekde möhüm gurallaryň biridir. Onuň çäklerinde esasan hem sebitara syýasy dialog we hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, energetika, howanyň üýtgemegine garşy bitarap ykdysadyýeti we umumy howpsuzlyk meselelerini çözmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin Bilelikdäki ýol kartasynyň ähmiýeti hem uly orun eýeleýär.
Bu görnüşdäki geçirilen halkara okuw maksatnamalary halkara gatnaşyklary boýunça iş alyp barýan ýaş hünärmenleriň has-da kämilleşmegine uly itergi berýär.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy.