08/07/2026
52
Bilim daragtynyň dostlukly miwesi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen 2026-nji ýylyň 16-njy iýunyndan 6-njy iýuly aralygy Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin hytaý dili we medeniýeti kollejinde “Merkezi Aziýa ýurtlary üçin hytaý dilini öwretmek” boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw maslahatyna laýyklykda Gazagystandan, Özbegistandan we Täjigistandan gelen kärdeşler bilen birlikde, Türkmenistandan wekilçilikli delegasiýanyň gatnaşmagy şeýle ynsanperwer başlangyçlaryň sebitleýin ähmiýetiniň ýokarydygyny ýene bir gezek tassyklady. Okuw maslahatynyň açylyş dabarasynda okuw maksatnamasy bilen tanyşdyryldy. Bu giriş diňe bir iň täze dil okuw usullaryny özleşdirmäge däl, eýsem medeniýetara aragatnaşygyň häzirki zaman ugurlaryny düýpli ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Diňe dil aspektlerinden başga-da, Hytaýyň taryhyna, edebiýatyna we baý medeni mirasyna bagyşlanan umumy okuwlar tapgyry hem bu okuw maksatnamanasyna girizilipdir. Bu mümkinçilikler tejribe alyşmak we pudagara okuw usullaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin iň amatly şertleri döretdi. Okuw saparynyň amaly bölegi medeni gurşawa düşünmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem, ýurduň özboluşly däp-dessurlary we häzirki zaman üstünlikleri bilen aýdyň tanyşmaga ýardam beren ekskursiýa maksatnamasy hem taýýarlanypdyr. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty üçin şeýle tejribäni bilim prosesine ornaşdyrmak strategik ähmiýete eýedir, sebäbi, ol geljekki halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga gönüden-göni goşant goşýar.
Ýokarda agzalanlaryň hemmesi, ýaşlar syýasaty we milletiň geljegi baradaky aladalar babatda aýratyn möhümdir. Bu bolsa Türkmenistanyň Prezidenti, Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan öňdengörüji strategiýa arkaly mümkin boldy. Ýaşlaryň jemgyýetiň esasy döredijilik güýji hökmünde ykrar edilmegi biz ýaşlary diýseň begendirýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça türkmen hünärmenleri üçin döredilýän şeýle şertler bizi yhlasly işlemäge has hem höweslendirýär.
Mähriban GELENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň
uly mugallymy