25/04/2026
50
Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uly tagallalary bilen Türkmenistan halkara bilim giňişligine işjeň aralaşýar. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara standartlara laýyk getirilmegi we dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garalýar.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ylym-bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk köpýyllyk taryhy tejribä eýedir. Bu hyzmatdaşlyk iki döwletiň arasyndaky strategik gatnaşygyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Şu babatda Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk aýratyn möhüm orun eýeleýär.
2026-njy ýylyň 21-23-nji apreli aralagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynda saparda boldy. Saparyň dowamynda Moskwanyň Döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň rektory A.W.Torkunow bilen gepleşik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary hakynda pikir alşyldy. Şeýle-de diplomatik ugur boýunça hünärmen ýetişdirýän ýokary okuw mekdepleriň geljekdäki bilelikde alyp barjak işleri maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň GDA ýurtlary boýunça Üçünji departamentiniň direktory A.W.Sternik bilen hem duşuşyk geçirdi. Duşuşykda direktor ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmek üçin ýokary okuw mekdepleriň öňe süren başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegini goldaýandygyny aýratyn nygtady. Türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginde bu ýurduň diplomatiýasynyň taryhyna bagyşlanan muzeý bilen hem tanyşdy.
Saparynyň barşynda türkmen wekiliýetiniň hem-de rus hünärmenleriniň gatnaşmagynda Moskwanyň Döwlet halkara gatnaşyklary institutynda tegelek stol geçirildi. Tegelek stoluň dowamynda ylym-bilim ulgamyndaky türkmen-rus gatnaşyklarynyň depginli ösüşi bellenilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran sapary Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň halkara bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ugrunda edýän uly tagallalarynyň aýdyň miwesidir.
Maýa ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň
rus dili mugallymy.