21/04/2026
52
“Merkezi Aziýa + Russiýa sammitleriniň daşary ykdysady ähmiýeti” atly okuw seminary geçirildi
2026-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň guramagynda "Merkezi Aziýa + Russiýa sammitleriniň daşary ykdysady ähmiýeti" atly okuw seminary geçirildi. Bu okuw seminary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň utgaşdyryjysy, Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Nazar Meredow alyp bardy. Okuw seminaryna institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Bu okuw seminarynyň esasy maksady Russiýanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak hem-de “Merkezi Aziýa + Russiýa” sammitleriniň sebitde howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk ýaly meselelere ýetirýän täsirini giňişleýin seljermekden we talyplara öwretmekden ybarat.
Bu seminaryň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady ösüşi, energiýa, sanly ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek dogrysynda alnyp barylýan işler hem-de Russiýanyň syýasy ulgamy, daşary işler ministrliginiň orny, howpsuzlyk, energetika we söwda syýasaty, Russiýa – Merkezi Aziýa gatnaşyklary barada giňişleýin bilim berildi.
Okuw seminary talyplar üçin örän täsirli bolup, olar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogap aldylar.
Hojanýaz GUWANJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.