27/02/2026
110
INSTITUTYŇ TALYPLARY ÜÇIN ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TEMATIK OKUW SAPAKLARY
2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezinde adam hukuklary boýunça tematik okuw sapagy geçirildi. Ol BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ikinji ýyl talyplary üçin guraldy.
Okuw sapagyny bu edaranyň adam hukuklary boýunça geňeşçisi jenap Erkin Isakulow alyp bardy. Sapagyň dowamynda jenap Isakulow adam hukuklarynyň esasy düşünjelerine degip geçip, talyplara halkara adam hukuklarynyň esasyny düzýän ýörelgeler we kadalar barada giňişleýin maglumat berdi.
Bu leksiýa hyzmatdaşlygyň çäklerinde meýilleşdirilen üç sapagyň tapgyryndaky ilkinji sapakdyr. Indiki okuw sapaklary "BMG-niň Adam hukuklary ulgamy" we "BMG-niň Maýyplaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynyň standartlary" temasy boýunça geçirmek meýilleşdirilýär.
Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde şeýle okuw sapaklaryň yzygiderli guralmagy talyplaryň halkara adam hukuklary boýunça bilimleriniň giňelmegine we olaryň halkara gatnaşyklary hem-de diplomatiýa ugrundaky akademiki başarnyklarynyň berkemegine uly goşant goşýar.
Nazar MEREDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.