21/04/2026
87
HALKARA HUKUGY ÝYLYNA BAGYŞLANAN BRIFING
2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Ýaşlaryň dialog meýdançasy: ýaşlarda hukuk medeniýeti ösdürmegiň meseleleri” atly brifing geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen “2028-nji ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasyna” laýyklykda bilim ulgamynda ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulan çäreleri ýokary derejede durmuşa geçirmegiň Ýol kartasynda bellenilen “Ýaşlar halkara hukugyny berkitmegiň tarapdary” atly ýaşlaryň dialog meýdançasynyň çäklerinde geçirildi. Çärä hukuk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Merjen Gurbannazarowa hem-de institutyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Begmuhammet Orazow çykyş etdiler.
Çykyş edenler 2028-nji ýyl «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan edilmegi bilen bagly, häzirki wagtda dünýä bileleşiginiň halkara hukugynyň ösdürilmegine we ýaýramagyna degişli amala aşyrýan yzygiderli işler dogrusynda, Türkmenistan döwletimiziň halkara hukugynyň subýekti hökmünde bu işlere işjeň gatnaşýandygy barada bellediler.
Maral ORAZGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.
Soňky täzelikler
21/04/2026
OKUW-USULY MASLAHAT GEÇIRILDI
20/04/2026
DILLER – DOSTLUK ÇEMENI