Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
      • Ilçileriň leksiýalary
        • IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK HAS-DA BERKIDILÝÄR
      • Halkara günler
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • ÝAŞ DIPLOMATLAR MEKDEBINIŇ AGZALARY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Saparlar / “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
    “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
    “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
    “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
    “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
    “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
    “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
    05/12/2025

    38

    “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY

    Häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklary hem özara hormat goýmaga, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli nusgalarynyň biri bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Häzirki dünýä we sebit ýagdaýlary bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy iki ýurduň, şeýle hem tutuş Ýewraziýa yklymynyň durnuklylygyna, ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistan bilen Hytaý strategik hyzmatdaşlar bolmak bilen, parahatçylyk, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezýärler. Bu hyzmatdaşlyk özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanyp, diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, tutuş sebitiň gülläp ösmegine-de gönükdirilendir. Şeýle ygrarlylyk ýurtlarymyzyň daşary syýasatynda, bilelikdäki taslamalarda, halkara guramalaryň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygynda öz beýanyny tapýar.
    2025-nji ýylyň 17-nji noýabryndan 22-nji noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Harbin Tehnologiýalar instituty tarapyndan “Bir guşak, bir ýol başlangyjyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we pul serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy institutlaryň meseleleri boýunça ylmy barlaglar” atly geçirilen halkara maslahaty hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
    Halkara maslahata Gazagystan Respublikasynyň Al-Farabi adyndaky gazak milli uniwersitetiniň, I.N.Gumilew adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň, Akademik E.A.Buketow adyndaky Karaganda uniwersitetiniň, Abai Gazak milli pedagogika uniwersitetiniň, Taşkent döwlet hukuk uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary gatnaşdylar. Ýeri gelende belläp geçsek, 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen «Al-Farabi adyndaky gazak milli uniwersiteti» täjirçilik maksatly bolmadyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem sanly ulgam arkaly gol çekilipdi.
    Bilelikde maslahatlaşmak, gurmak we peýdalanmak, açyklyk, ekologik ugur, ýokary ölçegleriň, halklaryň abadançylygynyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň bilelikde ýokary hilli kemala getirilmeginiň möhüm ugurlarydyr. HHR-iň Başlygy Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäklerinde kemala gelen özara hyzmatdaşlyk müňlerçe ýyl taryhy bolan Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki eýýamda täze ýaşaýyş, durmuş kuwwatyna eýe boldy. Soňky ýyllarda “Bir guşak, bir ýol” formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki gözýetimlerini kesgitlemek nukdaýnazaryndan gatnaşyklaryň içgin, oýlanyşykly şertlerini işläp taýýarlamak tapgyryna geçendigini, öňde goýlan meýilnamalaryň bolsa iş ýüzünde amala aşyrylan taslamalara öwrülip, oňat netijeleri berendigini kanagatlanma bilen bellemek bolar.
    “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy hakykatdan-da, örän möhüm, ählumumy derejeli, uzak geljege, has adalatly köpugurly parahatçylygyň, gatnaşyklar ulgamynyň kemala gelmegine gönükdirilendir. Wagtyň bu strategiýanyň uly islege eýedigini subut edendigine aýratyn üns çekmek bolar. Häzirki wagtda ol ählumumy derejeli ägirt uly taslama öwrüldi. Dünýäniň aglaba döwletleriniň ösen medeni köpdürlülige we her bir döwletiň öz ösüş ýoluna hormat goýulmagynda, ählumumy durnukly, uzak möhletleýin ykdysady ösüşe, durmuş abadançylygyna ýetmek maksady bilen, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk taglymatyny paýlaşýandygyny nygtamak gerek.
    2025-nji ýylyň 17-nji noýabryndan 22-nji noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Harbin Tehnologiýalar instituty tarapyndan “Bir guşak, bir ýol başlangyjyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we pul serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy institutlaryň meseleleri boýunça ylmy barlaglar” atly geçirilen halkara maslahatynyň dowamynda Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň, magistrantlarynyň, doktorantlarynyň hem-de mugallymlarynyň öňünde umumy sapaklaryny geçdiler.
    Umumy sapaklarda we duşuşyklarda halkara hukugynyň we milli kanunçylygyň esaslary, sebitleýin ösüş, häzirki zaman hukuk gatnaşyklarynyň ösüşi we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sebit ýurtlarynyň arasynda hukuk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň hünärmenleri öz çykyşlarynda sebit döwletleriniň korrupsiýa garşy syýasatlaryna we korrupsiýa garşy göreş mehanizmleriniň deňeşdirme seljermesine aýratyn üns berdiler. Şeýle-de, Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleri wekilçilik edýän ýokary okuw mekdepleriniň ylym, bilim ulgamy dogrusynda gürrüň berdiler. Maslahatyň çäklerinde gurnalan iki taraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berdi.
    Şeýle-de gurnalan medeni çäreler halkara maslahatynyň guramaçylygyna aýratyn öwüşgin berdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu maslahata gatnaşmagy, onuň çäklerinde gurnalan umumy okuw sapaklary Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýarys.

    Aýjan OMAROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Margalla Dialogy 2025 surady

    22/11/2025

    Margalla Dialogy 2025
    ASTANADA “ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA”  ATLY OKUW SEMINARY GEÇIRILDI surady

    19/11/2025

    ASTANADA “ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA” ATLY OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
    Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития surady

    13/06/2025

    Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI