
26/04/2025
689
Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçirilen halkara forum
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2025) geçirildi. Forumda energiýa, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk we maliýe ýaly ulgamlara gönüden-göni maýa goýumlaryny çekmek hem-de energiýa pudagynyň durnukly ösüşi barada gepleşikleriň ösdürilmegi maksat edinildi. Çärä dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 300-den gowrak wekil gatnaşdy.
Foruma görnükli halkara işgärler, şol sanda iri halkara guramalaryň hem-de «OPEK», BMG-niň Ýewropa ykdysady topary, Ählumumy gaz merkezi, Halkara energetika agentligi, «IRENA», Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky, «BNP Paribas» we Beýik Britaniýanyň eksporty maliýeleşdirmek agentligi ýaly maliýe institutlaryň ýolbaşçylary, şeýle hem «Petronas», «TotalEnergies», «Dragon Oil» we «CNPC ExxonMobil», «ADNOC» we «ENI» ýaly öňdebaryjy energetik kompaniýalaryň bilermenleri we hünärmenleri gatnaşyp, olar gymmatly pikirlerini paýlaşdylar, bilimlerini alyşdylar hem-de energetika pudagyndaky ählumumy ýagdaýlara bilelikde seljerme berdiler.
«TEIF 2025-iň» çäklerinde Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorod serişdelerini işläp taýýarlamak, nebiti we gazly känlerde gazyp almagy artdyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalaryň innowasion ulanylyşy, «Galkynyş» gaz känindäki işleri dowam etdirmegiň nobatdaky tapgyrlary, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy, häzirki zaman gazhimiýa önümçilikleriň gurluşygy hem-de geljegiň has durnukly energetikasyny döretmäge ýardam edýän metanyň we ugurdaş gazyň bölünip çykmalaryny azaltmak boýunça ylalaşylan tagallalar ýaly möhüm temalar boýunça köptaraply pikirler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Umuman, Malaýziýanyň paýtagtynda geçirilen iri çäre Türkmenistanyň maýa goýum ulgamynda ösüşiň täze derejesine çykandygynyň aýdyň güwäsi bolmak bilen, geljekki maýadarlar bilen uzak möhletleýin maýa goýum syýasatyny, ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň wekilleriniň netijeli dialogyny ýola goýmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat etdi. Daşary ýurtly gatnaşyjylar forumyň dowamynda gurluşyk, nebitgaz toplumy, energetika, maliýe-bank, ulag, maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar ýaly ulgamlarda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän iri taslamalar bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, olar öz täze işläp taýýarlamalaryny, dürli tehnologiýalaryny, ylmy-önümçilik babatda ýeten sepgitlerini görkezmäge, ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik aldylar.
Begli SULTANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.