30/09/2026
48
ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
2026-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek – şahsy howpsuzlygyň kepili” atly biraýlygyň çäklerinde Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň guramagynda okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyny kafedranyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurberdi Amanmyradow alyp bardy.
Maslahatyň dowamynda talyplara ýollarda sabyrlylyk görkezmek, beýleki ýol hereketine gatnaşyjylara hormat goýmak we düzgünlere gyşarnyksyz eýermek barada giňişleýin düşündirildi. Şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde ilatymyzyň saglygy we howpsuzlygy barada yzygiderli alada edilýändigi hem-de her ýyl geçirilýän ýol howpsuzlygy boýunça wagyz-nesihat we okuw sapaklarynyň uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Okuw maslahatynyň ahyrynda talyplaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça beren soraglaryna doly jogap berildi we olaryň bu ugurdaky pikir-garaýyşlary diňlenildi.
Rahym AKMURADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy