20/11/2026
16
Bilime we ýaşlar syýasatyna bagyşlanan maslahat
2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler jaýynda «Bilim we ýaşlar syýasaty – täze taryhy döwrüň belent wezipeleri» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, orta mekdepleriniň mugallymlary we talyplar we okuwçylar gatnaşdylar. Maslahatda bellenildi. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary ýurdumyz boýunça we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Türgenlerimiz sport ýaryşlarynda medallary gazanyp, ýaşyl tugumyzy al-asmanda parladýarlar. Bu bolsa eziz Diýarymyzyň abraýynyň barha artmagyna şert ýurdumyzda ýaşlar üçin döredip berilýän mümkinçilikleriň, şertleriň ähmiýeti dogrusynda bellenilip, bu işleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň bardygy döredýär.
Şular dogrusynda maslahatda çykyş edenler hem aýratyn bellemek bilen, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler barada durup geçdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýtdylar.
Baýnazar BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby