19/11/2026
111
TALYPLAR BILEN HALKARA YNSANPERWER HUKUGY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) wekilleriniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin halkara ynsanperwer hukugyna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagy Türkmenistan bilen HGHK-nyň 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasyna laýyklykda geçirilip, oňa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary gatnaşdy.
Okuw sapagynda HGHK-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Žala Azizowa, Russiýa Federasiýasyndaky we Belarus Respublikasyndaky sebitleýin wekilhanasynyň hukuk geňeşçisi Andreý Ýesin hem-de HGHK-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mihail Rahmanow dagy çykyş etdiler. Olar talyplara halkara ynsanperwer hukugynyň esasy kadalary we Ženewa konwensiýalarynyň we olaryň Goşmaça teswirnamalarynyň ähmiýeti, halkara ynsanperwer hukugynyň esasy nyşanlaryna hormat goýmagyň zerurlygy hem-de halkara ynsanperwer hukugynyň kadalarynyň milli derejede durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Talyplar bilen geçirilen bu okuw sapagy ýaşlaryň halkara ynsanperwer hukugynyň düzgünleri bilen ýakyndan tanyşmagyna we bu ugurdaky biliminiň artdyrylmagyna gönükdirildi.
Enejan JUMANAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby