18/11/2026
78
MEKDEP OKUWÇYLARY BILEN HÜNÄR USSATLYGYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY
2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik orta mekdebiniň okuwçylary bilen “Ýaşlar we hünär ussatlygy: Geljege ynamly ädimler” atly okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagynda institutyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň professory, sosiologiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Muhammetberdiýew çykyş etdi. Professor öz çykyşynda ýurdumyzda döwlet dolandyryş ulgamynyň has-da kämilleşmegine we bu babatda alnyp barylýan işleriň çygrynda kämil döwlet gullukçylarynyň taýýarlanylmagyna hem-de kanunçylyk binýadynyň yzygiderli özgerdilmegine aýratyn üns berilýändigini belledi. Mundan başga-da, halypa mugallym ylmyň we tehnikanyň ösmegi bilen her bir hünäriň hem kämilligi talap edýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyzyň bu barada: “Ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly täze nesil hem kemala gelýär” diýen jümlesini mysal hökmünde getirdi.
Okuw sapagynyň ahyrynda mekdep okuwçylary halypa mugallyma beren gyzykly gürrüňleri üçin köp sagbolsun aýtdylar we özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi mekdep okuwçylarynyň bilimlerini we tejribesini artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär.
Azat NOBATGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby