17/11/2026
95
Bütindünýä çagalar güni mynasybetli mekdep okuwçylary bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistan döwletimiz halkara bileleşigi bilen bir hatarda çagalaryň hukuklary we olaryň goraglylygy bilen bagly halkara hukuk resminamalaryny kabul etmek hem-de olary ýerine ýetirmek işlerinden başga-da, halkara derejesindäki baýramçylyklary hem giň gerimde dabaraly belläp geçýär. Çagalaryň parahat durmuşyny üpjün etmek we olara ýagty geljegi kepillendirmek maksady bilen, 1954-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Bütindünýä çagalar güni» ykrar edildi. 1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Çaganyň hukuklary hakynda Jarnama kabul edilip, onuň esasy wezipesi bütin dünýäde çagalaryň hukuklaryny goramak we azatlyklaryny kepillendirmek bolup durýar.
Bütindünýä çagalar güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň «Ýaş ykdysatçylar» ylmy gurnagynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda institutymyzyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy Mährijemal Mämmedowa çykyş edip, Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň mazmunyny we ähmiýetini giňişleýin gürrüň berdi, şeýle-de okuwçylar bilen gyzykly sorag-jogap alyşdy.
Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy we döwrebap bilim almagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Durmuşymyzyň bezegi we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän taýsyz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Medine HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler