12/11/2026
90
“Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasyndan ugur alýan ynsanperwer ýörelgeleri” atly okuw-usuly seminary geçirildi
2026-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasyna, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik we dostluk ýörelgelerine bagyşlanan okuw-usuly seminary geçirildi.
Bu çäre institutyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň ussat diplomaty Kakajan Mommadowyň alyp barmagynda geçirildi.
Seminara institutyň professor-mugallymlary, hünärmenleri hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Okuw-usuly seminaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň düýp mazmuny giňişleýin düşündirildi. Halypa diplomat bu syýasatyň gözbaşyny asyrlardan gözbaş alýan milli mirasymyzdan, şol sanda Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer çagyryşlaryndan, parahatçylyk we agzybirlik ýörelgelerinden alyp gaýdýandygyny çuňňur mysallaryň esasynda beýan etdi.
Şeýle hem häzirki döwürde halkara gatnaşyklary ulgamynda diplomatik ýörelgeler bilen milli medeni mirasymyzyň utgaşdyrylyşy, ýaş nesle watansöýüjilik, adamkärçilik we diplomatiýa medeniýetini terbiýelemekde şeýle okuw-usuly seminarlaryň ähmiýeti uly bolup durýandygy nygtaldy.
Şageldi GARLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby