11/11/2026
11
TÜRKMENISTAN HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA HEREKETLERDE ÇAGALARYŇ BÄHBITLERINI ILERI TUTÝAR
2026-njy ýylyň 9–20-nji noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antaliýa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahaty geçirilýär. Bu maslahatyň (COP31) çäklerinde Türkmenistan tarapyndan 2019-njy ýylda Madridde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 25-nji maslahatynda (COP25) dünýä liderleriniň we ýaşlaryň gatnaşmagynda hödürlenen “Çagalar, ýaşlar we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler hakynda” Jarnama gol çekildi. Munuň özi çagalaryň hukuklaryny, zerurlyklaryny we garaýyşlaryny klimat syýasatynda hem-de degişli çärelere gatnaşdyrylanda göz öňünde tutmaga ygrarlydygyny tassyklady. Bu resminama çagalaryň we ýaşlaryň howanyň üýtgemeginiň täsirlerinden goralmagyny hem-de olaryň ekologiýa meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmagyny kepillendirýän ählumumy başlangyçdyr. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ýaş nesliň ekologiýa taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Bu Jarnama Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna we BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna salgylanmak bilen, çagalaryň sagdyn we arassa daşky gurşawda ýaşamak hukugynyň milli hem-de halkara derejelerde berkitmelidigini öňe sürýär.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy