07/11/2026
67
Ählihalk bag ekişlik dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji noýabrynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Bu asylly işe Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Munuň özi ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ata-babalarymyzdan miras galan daşky gurşawa aýawly garamak ýaly milli däplerimiz häzirki günde aýratyn uly ähmiýete eýedir. Şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň töwereginde saýaly baglaryň ekilmegi daşky howanyň arassalygyny hem-de gurşawyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýär.
Ýurdumyzyň ähli ýerinde bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal ekilen we boý alan baglara ideg etmek işleri hem geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, ählihalk bag ekmek dabarasynda institutymyzyň mugallymlary we talyplary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de institutymyzyň çäklerinde bag nahallaryny oturtdylar. Şeýle-de bag nahallaryna talabalaýyk ideg işlerini geçirdiler.
Ýokary ruhubelentlikde geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy ýurdumyzyň hemme künjeginde giňden ýaýbaňlandyryldy.
Ogulşeker MUHAMMETGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby