06/11/2026
76
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GÜNORTA KOREÝADA HALKARA OKUW MAKSATNAMASYNA GATNAŞDY
Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we hünärmenleriň tejribesini artdyrmak ugrunda nobatdaky möhüm ädim ädildi. 2026-njy ýylyň 19–30-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta Koreýada hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýörite okuw saparynda boldy.
Bu okuw sapary Koreýa Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk Agentligi (KOICA) tarapyndan guralyp, ol “Aziýada adam hukuklary çygrynda bilim derejesini ýokarlandyrmakda öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak” atly wajyp tema bagyşlandy. Okuw maksatnamasynyň esasy maksady sebitde adam hukuklaryny goramak, döwrebap dolandyryş usullaryny ornaşdyrmak we döwlet edaralarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmakdan ybarat boldy.
Giň gerimli çärede ýurdumyzdan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hünärmenlerinden ybarat 3 adamlyk topar wekilçilik etdi. Türkmen wekilleri okuw saparynyň dowamynda işjeňlik görkezip, özara tejribe alşylmagyna we ugurdaş taraplar bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşdular. Sebitara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen bu maksatnama Türkmenistan bilen bir wagtda Gyrgyzystan Respublikasy, Pakistan Yslam Respublikasy, Bangladeş Halk Respublikasy we Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasy ýaly döwletleriň hem wekilleri gatnaşdylar.
Okuwlaryň barşynda wekillerimiz dünýä tejribesini we amaly usullary öwrenip, öz ugurlary boýunça hünär derejelerini hem-de amaly başarnyklaryny has-da kämilleşdirdiler.
Abdyrahym AKORAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi