23/11/2026
42
“Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň yklymara halkara ulag ýollarynyň geljekki mümkinçilikleri” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň yklymara halkara ulag ýollarynyň geljekki mümkinçilikleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çärä Azerbaýjan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň hünärmenleri, şeýle hem degişli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa giriş sözi bilen çykyş edip, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmekde, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde we sebitleriň özara arabaglanyşygyny pugtalandyrmakda halkara ulag-logistika ulgamynyň ähmiýetiniň barha artýandygyny belläp, geografik ýerleşişi, tebigy we ykdysady mümkinçilikleri bilen tapawutlanýan Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de Azerbaýjan Respublikasy halkara ulag geçelgelerini ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi üçin bu günki maslahatyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi.
Maslahatyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismat Gozalowyň, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurlan Nogaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarowyň, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wafo Niýatbekzodanyň, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimowyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Gulmät Penaýewiň, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary Rahym Haganowyň, «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary Begmyrat Nepesowyň çykyşlaryna giň orun berildi.
Çykyşlarda şu ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen garaýyşlaryň sebitara ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini açandygy nygtaldy. Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň halkara ulag ulgamyndaky ornuny pugtalandyrmak, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek, şeýle hem Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz — Ýewropa ugrunyň ähmiýetini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ulag-logistika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, täze hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirmek we halkara ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça pikir alşyldy.
Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, ulag ulgamynyň durnukly ösüşi diňe bir ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmegine däl, eýsem halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, halkara söwdasynyň ösdürilmegine we sebitleriň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli birleşdirilmegine hem giň ýol açýar. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň halkara ulag geçelgelerini ösdürmek we üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň wajypdygy bellenildi.
Şeýle-de 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk sapagyndaky ulag diplomatiýasy we döwrebap üstaşyr infrastruktura ulgamynyň Türkmenistanyň geoykdysady ösüşindäki we sebitara hyzmatdaşlygyndaky strategik orny barada aýdan sözleriniň aýratyn many-mazmuna eýedigi barada nygtadylar.
Türkmen diplomatik gullugynyň milli mekdebinde geçirilen bu ylmy-amaly maslahat geljekki mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak, ylmy garaýyşlary utgaşdyrmak, tejribe alyşmak we ýaşlaryň döredijilik hem-de ylmy mümkinçiliklerini açyp görkezmek üçin möhüm meýdança boldy.
Maslahatyň çäklerinde guralan sergi oňa aýratyn öwüşgin çaýdy. Onda ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň taýýarlan işleri görkezildi. Serginiň bölümlerinde ulag-aragatnaşyk, energetika, ekologiýa we sanly ulgam pudaklaryna degişli kitaplar, bukletler, žurnallar, suratlar, sungat eserleri, dürli taslamalar hem-de maketler myhmanlaryň dykgatyna ýetirildi. Şeýle-de ulag infrastrukturasynyň ösüşine we ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan işleriň görkezilmegi ýaşlaryň ylmy gözleglerini, innowasion pikirlerini we döwrebap tehnologiýalara bolan gyzyklanmalaryny aýdyň görkezdi.
Maslahata gatnaşyjylar halkara giňişlikde ulag diplomatiýasyny ilerledýän, daşary ýurtly hyzmatdaşlara amatly ykdysady gurşawy döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Maksat ŞAKIRJANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby