13/06/2026
73
YLYMLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHAT
2026-njy ýylyň 12-13-nji iýunynda ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy maslahaty geçirilýär.
Bu dabaraly maslahatyñ açylyşy 12-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi.Oña Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary onlaýn görnüşde gatnaşdylar.
Bu halkara maslahat Türkmenistanyň Ylymlar güni mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda geçirilýär. Onuň esasy maksady dünýäniň ösen ylmy tejribesini paýlaşmak, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak we ýaşlaryň ylmy-barlag işlerine bolan höwesini artdyrmakdan ybaratdyr. Maslahat utgaşykly görnüşde geçirilýändigi sebäpli, oňa diňe bir ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri däl, eýsem dünýäniň onlarça döwletleriniñ wekilleri ýagny (Russiýa Federasiýasynyň, Belarussiýa Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ýaponiýa we ş.m.) belli alymlar, professorlar we bilermenler hem göni aragatnaşyk arkaly gatnaşýarlar.
Tawus DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby