08/06/2026
100
YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ylymlar güni mynasybetli «Ylym-bilim ulgamy - döwletiň we jemgyýetiň durnukly ösüşiniň egsilmez güýji» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary we ýurdumyzyň ylmy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady bolan ylym-bilim ulgamynyň ösüşi, halkaraçy hünärmenlere daşary ýurt dilleriniň zerurlygy we daşary ýurt dillerini öwrenmekde sanly tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligi, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlaryny durmuşa geçirmekde milli tejribesi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň şöhratly taryhynda ýaşap geçen görnükli alymlar, olaryň bitiren işleri dünýäniň gazananlaryna goşan goşandy, häzirki döwürdäki ylym ulgamynyň ösüşi dogrusynda belläp geçdiler.
Ylmy-amaly maslahat öz işini «Ynsanperwerlik taglymaty - halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgesi», «Ylym we innowasiýa ulgamynyň halkara-hukuk esaslary», «Sanly ykdysadyýetiň ylmy esaslaryny ösdürmegiň ähmiýeti», «Ylym - ösüşleriň we kämilligiň berk binýady» atly bölümçelerde dowam etdi. Bölümçelerde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde ýurdumyzda ylmyň ähli ugurlary bilen birlikde, durmuş-ynsanperwer ylymlaryň hem giň gerimli ösdürilmegine zerur şertleriň döredilýändigi, Türkmenistanda durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň milli tejribesi, taryhy medeni gymmatlyklary goramagyň ylmy esaslary, Magtymguly Pyragynyň azat, erkin, özbaşdak döwlet baradaky garaýyşlary dogrusynda pikir alşyldy.
Kaýum ZAHYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby