Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / Ýaýy — höküm, oky — ilçi Oguzyň...
    Ýaýy — höküm, oky — ilçi Oguzyň... surady
    30/11/-0001

    1030

    Ýaýy — höküm, oky — ilçi Oguzyň...

    2022-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň I oýny geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bäsleşigiň bu ýylky möwsümine gatnaşmaga ýurdumyzyň dürli künjeginden isleg bildiren mekdep okuwçylarynyň 300-den gowragy test synaglaryny tabşyrdylar. Synaglarda iň ýokary netijeleri görkezen mekdep okuwçylarynyň 64-si bäsleşigiň bu ýylky II möwsüminiň saýlama tapgyrlaryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň I oýny “Gadymy Marguşdan Parfiýa çenli: parahatçylyk sungatynyň siwilizasion ýörelgeleri” boýunça geçirildi. I saýlama tapgyrynyň I oýnuna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite-sazçylyk mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Hezretaly Myradow, Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçylary Gülzada Atajanowa, Wepa Rozyýew, Aýlar Esenowa, Kerwen Annaberdiýew, Aşgabat şäheriniň 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Merjen Kürenowa, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Hekimmuhammet Ahmedow, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Dawut Gezerow, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Bägül Gurdowa, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýgözel Amanowa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Atabaý Arslanow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerine ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mähri Guzyçyýewa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ahmet Mämmetnurow, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 21-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ysmaýyl Tagandurdyýew dagy gatnaşdylar. Akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň ilkinji oýnuna “Pähimdarlar geňeşiniň” agzalary bolup, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň sözlükçilik, adalgaşynaslyk we söz medeniýeti bölüminiň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Akmyrat Babaýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa bölüminiň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Mähri Perdeliýewa dagy adalatly eminlik etdiler. Bäsleşigiň netijelerine görä, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite-sazçylyk mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Hezretaly Myradow, Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy Wepa Rozyýew hem-de Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Dawut Gezerow I oýnuň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Akyl-paýhas bäsleşiginiň bu oýnuna Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti, “Ýedi dogan” hususy kärhanasy, “Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler. Ýeňijilerimize we bäsleşige gatnaşyjylara hemaýatkärlerimiz tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. “Parahatçylygyň ýaş çaparlary ” atly akyl- paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň I oýny “Miras” teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşik ýakyn günlerde “Miras” teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.
    Şasenem MEÝLISOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň
    I ýyl talyby, PÝÇ-niň I möwsüminiň ýeňijisi.
    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!
    https://www.turkmenportal.com/tm/blog/54558/parahatchylygyn-yash-chaparlary-akylpayhas-basleshiginin-ii-mowsuminin-i-oyny-gechirildi
    https://balkan.gov.tm/tm/single-news/56/
    https://www.atavatan-turkmenistan.com/parahatcylygyn-yas-caparlary-baslesigine-badalga-berildi/ https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/akyl-payhas-baslesiginin-ii-mowsuminin-ilkinji-oyny-jemlendi-c69ab9

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI