29/10/2026
102
ÝAŞ TALYBYMYZYŇ SPORT ÄLEMINDÄKI NOBATDAKY ÜSTÜNLIGI
Sport sagdynlygyň gözbaşy, jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr. Akyl zähmeti bilen fiziki zähmetiň gezekleşdirilmegi her bir ynsanyň sagdyn pikirlenmegine we zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, berk bedenli hem-de kämil aň-düşünjeli bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan türkmen ýaşlary sport bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanýarlar.
2026-njy ýylyň 21–25-nji oktýabry aralygynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda sportuň karatedo görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty we birinjilikleri geçirildi. Şol bäsleşikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Rasul Atajanow Kata boýunça 18–29 ýaşly oglanlaryň arasynda çykyş edip, I orna mynasyp boldy.
Talyp deň-duşymyzyň gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlap, sport äleminde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Allanur GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
3-nji ýyl talyby