10/06/2026
68
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak hem-de ýaşlaryň ylma bolan gyzyklanmasyny artdyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şolaryň çäklerinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli 2026-njy ýylyň 10-11-nji iýuny aralygynda «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat ýokary derejede geçirildi.
Maslahata ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlary we talyplary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyplary hem maslahata onlaýn görnüşde işjeň gatnaşdylar. Institutyň wekilleri halkara gatnaşyklary, ykdysady diplomatiýa, sanly tehnologiýalaryň halkara hyzmatdaşlyga täsiri ýaly ugurlary boýunça çykyş edip, ylmy pikir alyşmalara gatnaşdylar.
Çykyşlarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, emeli aň tehnologiýalary, innowasion çözgütler, «akylly» ulgamlary döretmek, kiberhowpsuzlyk we ýaşlaryň ylmy işjeňligini ýokarlandyrmak bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ylym bilen önümçiligiň özara baglanyşygyny berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde amala aşyrylýan ylmy taslamalar, halkara hyzmatdaşlyklar hem-de täze tehnologiýalar boýunça alnyp barylýan işler aýratyn nygtaldy.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalaryň geljekki ösüş ugurlary boýunça pikir alyşdylar we ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem ýaş alymlaryň we talyplaryň ylmy gözleglere işjeň gatnaşmagynyň ýurduň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Halkara maslahat işjeň ýagdaýda geçirilip, ylmy tejribeleri alyşmak, täze pikirleri öňe sürmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança boldy.
Hoşgeldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby