Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / «Türkmen-Saud gatnaşyklary» atly «tegelek stol» maslahaty geçirildi
    «Türkmen-Saud gatnaşyklary» atly «tegelek stol» maslahaty geçirildi surady
    30/11/-0001

    962

    «Türkmen-Saud gatnaşyklary» atly «tegelek stol» maslahaty geçirildi

    Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan halkara giňişlikde ählumumy abadançylygyň hatyrasyna parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barmak bilen bir hatarda, dünýä döwletleriniň ençemesi bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Şeýle döwletleriň biri-de musulman dünýäsinde iki mukaddesligiň mesgeni hasaplanylýan Saud Arabystany Patyşalygydyr.
    Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky asyrlaryň dowamynda kemala gelen dostlukly gatnaşyklar, ruhy we medeni ýörelgeleriň umumylygy iki ýurduň ösüşiniň häzirki tapgyrynda doganlyk halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, dostlukly gatnaşyklaryň we örän oňaýly mümkinçiliklere eýe bolan köp sanly ugurlaryň has-da öňe ilerlemegine hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyp, daşary ýurda ilkinji saparynyň yslam dünýäsinde keramatly saýylýan mukaddes ýere — Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyrandygy hem türkmen-saud gatnaşyklarynyň ýokary derejesini aýdyňlygy bilen görkezýär. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalaryň hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde yzygiderli kämilleşdirilýän netijeli gatnaşyklar täze many-mazmuna eýe bolýar.
    Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 1 — 3-nji maýy aralygynda Gahryman Arkadagymyzyň Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapary boldy. Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan şäherlere — Mekgä we Medinä zyýarat etdi. Bu saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Emir Saud Al Faýsal adyndaky Diplomatiýany öwreniş institutynyň arasynda Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekilendigi aýratyn guwandyryjydyr.
    Bu hyzmatdaşlygyň çäginde ýokary okuw mekdepleri bilelikde türkmen-saud gatnaşyklaryna bagyşlap yzygider «tegelek stol» maslahatlaryny geçirýärler. 2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Emir Saud Al Faýsal adyndaky Diplomatiýany öwreniş institutynyň arasynda tegelek stol maslahaty geçirildi. Oňa bu ýokary okuw mekdebiniň, Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Emir Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatiýany öwreniş institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň öň ýanynda daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw binalaryna aýlanyp gördüler hem-de institutda ýokary bilim alýan ýaşlar üçin döredilen giň mümkinçilikler, ýokary okuw mekdebinde hereket edýän okuw studiýasy, elektron gazetiň redaksiýasy we «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi üçin ýörite taýýarlanylan «Türkmeniň ak öýi» bilen ýakyndan tanyş boldular.
    Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarynyň şu günki ýagdaýy, şeýle-de olary ösdürmegiň bar bolan mümkinçilikleri dogrusynda aýratyn nygtap geçdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň halkara parahatçylygyny we durnuklylygyny saklamakda eýeleýän orny barada hem aýdyldy.
    Maslahatdan soňra Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň öňünde leksiýa bilen çykyş etdi.
    Soňra saud wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy.
    Ertir — 20-nji dekabrda Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Emir Saud Al Faýsal adyndaky Diplomatiýany öwreniş institutynyň wekiliýetiniň Aşgabat şäherindäki muzeýlere, söwda we medeni-dynç alyş merkezlerine gezelençleri guralar.

    Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:

    Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriň Türkmenistana iş saparynyň çäginde bolup geçen çäreler (mfa.gov.tm)

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI