08/04/2026
88
TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MUZEÝINDE TANYŞLYK DUŞUŞYGY
2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Ýaş diplomatlar” ylmy gurnagynyň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary bilen türkmen diplomatiýasynyň milli muzeýinde tanyşlyk duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda okuwçylar türkmen diplomatiýasynyň taryhy ösüş ýoly, onuň gazanan uly üstünlikleri, şeýle hem halkara giňişligindäki abraýy barada giňişleýin maglumat aldylar.
Tanyşlyk duşuşygynyň ahyrynda okuwçylar özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna anyk jogaplary aldylar. Bu duşuşyk ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, olaryň dünýä garaýyşlaryny giňeltmäge ýardam berdi.
Rejepguly MAŞADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.