28/04/2026
111
ENERGETIKA PUDAGYNDA TÜRKMEN-HYTAÝ GATNAŞYKLARYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY
2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Energetika pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy» atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň professory, sosialogiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Muhammetberdiýew alyp bardy.
Okuw sapagynyň dowamynda professor ýurdumyzyň energetika diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna, hususan-da, türkmen tebigy gazynyň halkara bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýa etmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdi. Täze düýbi tutulan 4-nji şahanyň (D ugry) ykdysady we geosyýasy bähbitleri barada belledi.
Talyplar öz gezeginde iri energetika taslamalarynyň diplomatik taýdan goldanylyşy barada soraglary berdiler we öz hünärleri boýunça gymmatly maslahatlary aldylar.
Seýitmuhammet GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby