09/04/2026
53
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň “Ýaş diplomatlar” ylmy gurnagy tarapyndan Aşgabat şäherindäki 72-nji ýöriteleşdirilen mekdebiniň okuwçylaryna Türkmenistanyň daşary syýasaty we ýetilen sepgitler barada okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagyny Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Rahym Akmuradow alyp bardy. Mugallym öz çykyşynda taryhda Türkmenistanyň çägindäki ilkinji dörän medeniýetler barada gyzykly maglumatlary aýdyp berdi. Soňra mugallym mekdep okuwçylaryna ýurdumyzyň geçmiş taryhy bilen baglanyşykly maglumatlary öwrenmegiň zerurlygy barada gerekli maslahatlary berdi.
Sapagyň ahyrynda mekdep okuwçylary gadymy siwilizasiýalar bilen baglanyşykly goşmaça sorag-jogap alyşdylar. Okuw sapagy täsirli geçdi.
Seýdahmet KEMALOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.