02/10/2026
98
Tbiliside hünär tejribe alyş-çalyş maksatnamasy boýunça okuwlar geçirilýär
2026-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde “Crossroads Diplomacy Network” atly hünär tejribe alyş-çalyş maksatnamasynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylyň 29-njy sentýabry – 4-nji oktýabry aralygynda geçirilýän bu maksatnama dürli ýurtlaryň, aýratyn-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Gruziýanyň diplomatiýa, halkara gatnaşyklar we beýleki ugurlarda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriniň arasynda hünär tejribesini we özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.
Maksatnama Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň, halkara guramalaryň we bilim edaralarynyň wekilleriniň hem-de maksatnama gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda geçirildi.
Açylyş dabarasynda Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandre Kwtiaşwili maksatnamany resmi taýdan açyp, gatnaşyjylara hoşallygyny bildirdi. Şeýle hem Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş direktory Arçil Karaulaşwili maksatnamanyň esasy ugurlary we maksatlary barada maglumat berdi.
Günüň dowamynda gatnaşyjylary tanyşdyrmak, bu hünär alyş-çalyş maksatnamasyndan garaşylýan netijeleri kesgitlemek, toparlaýyn işleşmek we aragatnaşyk endiklerini ösdürmek boýunça okuwlar geçirildi. Bu çäreler gatnaşyjylaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we halkara hünär ulgamynda täze gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilik döretdi.
Maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylar üçin Gruziýanyň daşary syýasaty, diplomatik iş tejribesi we dürli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly duşuşyklar we okuw sapaklary guralýar.
“Crossroads Diplomacy Network” maksatnamasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary hem gatnaşýarlar. Maksatnamanyň çäklerinde geçirilýän duşuşyklaryň we tejribe alyşmalaryň gatnaşyjylaryň hünär bilimlerini baýlaşdyrmagyna, şeýle hem dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasynda özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýarys.
Aýnabat NAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi
Soňky täzelikler
02/10/2026
HATYRA GÜNE BAGYŞLANAN GEZELENÇ
01/10/2026
Okuw-usuly seminar geçirildi