147
TÄZE OKUW ÝYLYNA BADALGA BERILDI
2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Şadyýanlyk hem-de baýramçylyk ruhy höküm süren dabara institutyň professor mugallymlary, talyp ýaşlar hem-de magistrler gatnaşdylar.
Ir säher bilen Türkmenistanyň Döwlet Senasynyň ýaňlanmagy bilen başlanan dabara aýratyn joşgunlylyk çaýdy. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli iberen baýramçylyk Gutlagyny okamagy türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyp ýaşlarynda aýratyn täsir galdyrdy. Soňra bolsa institutyň rektory Gülşat Ýusupowa çykyş edip, ýaş nesil barada ýurdumyz boýunça edilýän aladanyň, döredilýän mümkinçilikleriň bimöçberdigini, häzirki wagtda şol amal edilýän beýik işleriň öz miwesini berýändigini belledi.
Onuň yzysüre bolsa dabarada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dosenti, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, tehniki ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň ussat diplomaty Çary Nyýazow çykyş edip, geljekki halkaraçy hünärmenlere, aýratyn hem, talyplyk dünýäsine gadam basýan ýaşlara halypalyk maslahatlaryny berip, olara ak ýol arzuw etdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda aýratyn şatlyk-şowhuna beslenen dabarada instituta ilkinji gezek gadam basan talyplaryň dürli dillerde ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy aýratyn täsirli boldy. Munuň özi bir tarapdan talyp ýaşlaryň eziz Diýarymyzyň halkara giňişlikde alyp barýan syýasaty bilen içgin gyzyklanýandyklarynyň aýdyň beýany bolan bolsa, ikinji tarapdan olaryň geljekde türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk söýüjilikli däplerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine bolan ynamy artdyrdy.
Asylly däbe görä, institutyň uçurym ýyl talyplary tarapyndan okuwa täze kabul edilen ýaşlara ylymlar dünýäsine gadam urmagyň özboluşly nyşany bolan simwoliki açar hem-de talyp şahadatnamasy gowşuryldy.
Tolgundyryjy pursatlar gelip ýetdi — ilkinji jaň nobatdaky okuw ýylynyň başlanandygyny mälim etdi. Şu ajaýyp pursatlardan soň, institutyň 1-nji ýyl talyplary täze okuw ýylynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly ilkinji okuw sapagyna gatnaşdylar. Okuw sapagyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurberdi Amanm-yradow alyp bardy.
Baýnazar BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Şeýle hem şu ýerden okap bilersiňiz: https://orient.tm/ru/post/89701/imo-mid-turkmenistan-den-znaniy-2025