Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • FINLANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Туркменский вектор глобальной энергобезопасности – «Энергия. Сотрудничество. Развитие»
        • «AZIÝADA YNAMY BERKITMEK, ULAG BAGLANYŞYGYNY WE EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA INNOWASION BASLANGYÇLAR» ATLY OKUW-USULY SEMINARY GEÇIRILDI
        • «ЦА+1» в Самарканде: как регион ищет баланс между интеграцией и суверенитетом
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: VI MÖWSÜMIŇ I SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Çäreler / HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY KITABYNYŇ ÝAPON DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
    HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY KITABYNYŇ ÝAPON DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
    HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY KITABYNYŇ ÝAPON DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
    HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY KITABYNYŇ ÝAPON DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
    HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY KITABYNYŇ ÝAPON DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
    HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY KITABYNYŇ ÝAPON DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
    HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY KITABYNYŇ ÝAPON DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
    HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY KITABYNYŇ ÝAPON DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
    26/10/2026

    200

    HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY KITABYNYŇ ÝAPON DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

    2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, şeýle hem daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň işgärleri, halypa diplomatlar, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
    Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby 2025-nji ýylda giňden bellenen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çapdan çykypdy. Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilip, ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenýär.
    Tanyşdyrylyş dabarasynyň başynda institutynyň prorektory Gaýgysyz Döwletow giriş sözi bilen çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ýapon diline terjime edilen bu kitabynyň hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýändigini, bu eseriň ýaş nesiller, şol sanda geljekki halkaraçy hünärmenler üçin hem ylmy-edebi gollanma boljakdygyny buýsanç bilen belledi.
    Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hirosiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň rektory Maksat Çaryýewiň, Ýapon Gaznasynyň ýapon dili hünärmeni, maslahatçy-mugallym Iwai Ýufunyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Rahym Akmuradowyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty Gözel Myratgulyýewanyň çykyşlaryna giň orun berildi.
    Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň ýokary ähmiýetini nygtadylar. Munuň özi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde nobatdaky möhüm ähmiýetli waka boldy. Şunda bu ajaýyp eseriň parahatçylyk söýüjilige ýugrulan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerimiziň köklerini öwrenmekde bir ýurdumyzyň okyjylary üçin däl, eýsen, dünýä jemgyýetçili üçin hem ygtybarly ylmy gollanma bolup aýratyn orun aljakdygy aýratyn bellenildi.
    Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, özara hoşniýetli erk-islegiň netijesinde döwletara dialog täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ynsanperwer ulgam däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde çykyş edýär. Şunda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesi we uly mümkinçilikleri bar. Şunuň bilen baglylykda«Türkmenistanyň Bitaraplygy ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyň ýapon dilindäki neşiri «Günüň dogýan ýurdunyň» okyjylaryna hemmetaraplaýyn aladalara aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, türkmen Bitaraplygynyň taryhy, halkara gatnaşyklaryndaky orny bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berer.
    Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar «Türkmenistanyň Bitaraplygy ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs gutlap, döredip berýän mümkinçilikleri üçin hoşallyk bildirdiler.

    Ogulsuraý MEREDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
    https://mfa.gov.tm/news/6416
    https://bilim.gov.tm/metbugat/963/gymmatly-gollanma-yapon-dilinde/
    https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/254720
    https://auh.com.tm/tk/news/v-asxabade-sostoialas-prezentaciia-iaponskogo-izdaniia-knigi-prezidenta-turkmenistana-o-neitralitete
    https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/111381/hormatly-prezidentimizin-turkmenistanyn-bitaraplygy-parahatcylygyn-we-ynanysmagyn-aydyn-yoly-atly-kitaby-yapon-dilinde-nesir-edildi

    Soňky täzelikler

    Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň  tanyşdyrylyş dabarasy surady

    21/10/2026

    Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
    ÝAŞLAR BARADA DÖWLET SYÝASATYNA BAGYŞLANAN WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI surady

    20/10/2026

    ÝAŞLAR BARADA DÖWLET SYÝASATYNA BAGYŞLANAN WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    HALKARA ÝAŞULULAR GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI surady

    01/10/2026

    HALKARA ÝAŞULULAR GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI