04/11/2026
80
TALYPLARYMYZYŇ DERS BÄSLEŞIGINDÄKI ÜSTÜNLIGI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Materiallaryň garşylygy» we «Nazary mehanika» dersleri boýunça bäsleşikler geçirildi.
Şol bäsleşiklerde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem üstünlikli çykyş etdiler. Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyplary Ysmaýyl Çaryberdiýew «Materiallaryň garşylygy» dersinden, Medine Jeýhunowa bolsa «Nazary mehanika» dersinden III derejeli diploma mynasyp boldular.
Talyplarymyzy gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we olara geljekde hem okuwlarynda, ylmy gözleglerinde täze üstünlikleri arzuw edýäris!
Wepa KAKAJANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
1-nji ýyl talyby