31/03/2026
70
TALYBYMYZYŇ YLMY INTELLEKTUAL BÄSLEŞIKDÄKI ÜSTÜNLIGI
2026-njy ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda «Biznes-intellekt» atly intellektual eýeçiligiň awtorlarynyň bäsleşigine gatnaşyjylary sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünar okuw mekdepleriniň arasynda geçirildi. «Biznes-intellekt» atly intellektual eýeçiligiň awtorlarynyň bäsleşigine işjeň gatnaşandygy üçin institutymyzyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby Sahydöwlet Hümmetjumaýew hormat haty bilen sylaglandy.
Beýleki bäsleşiklerden tapawutlylykda bu bäsleşigiň netijelerini jemlemekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyldy. Ylmy işleriň awtorlary, olaryň taýýarlan ylmy işleri hakyndaky maglumatlar halk köpçüligine KHBS-iň üsti bilen ýetirildi. Halk köpçüliginiň we telekeçilerden düzülen eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda ýeňijiler yglan edildi.
Bäsleşigiň esasy maksady, ýaşlary ylmy döredijilige, innowasiýa telekeçiligine höweslendirmek, ylmyň gazananlaryny hem-de tehniki, ykdysady we beýleki täzelikleri önümçilige ornaşdyrmak endiklerini kemala getirmekden ybaratdyr.
Myrat AMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.