16/02/2026
56
Talybymyzyň üstünligi
2026-njy ýylyň 7-8-nji fewralynda ýaşy 20-den uly bolmadyk ýaşlaryň arasynda erkin göreş boýunça Groznyý şäherinde geçirilen RWL-VI Riada Wrestling Liga halkara ýaryşynda türkmen pälwanlary üstünlikli çykyş edip, bäş medal gazandylar.
Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Azymberdi Aşyrgulyýewiň hem bolmagy buýsandyryjy waka. Ol 57 kg agramda üstünlikli çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy.
Biz hem öz gezegimizde, talyp deň-duşumyz Azymberdi Aşyrgulyýewi gazanan üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa geljekde täze üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Wepa MYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.