Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
        • TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ TARYHYNDA PARFIÝANYŇ ORNY
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Центральная Азия и Великобритания выстраивают новую архитектонику партнерства
        • Взгляд практика на Срединный коридор: как превратить идею в коммерческий продукт
        • Туркменистан: уникальный вектор сотрудничества в Содружестве Независимых Государств
        • «Три моста» Туркменистана в диалоге с Великобританией по человеческому капиталу
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Wakalar / Talybymyz — Şa serpaýyna mynasyp boldy
    Talybymyz — Şa serpaýyna mynasyp boldy surady
    26/09/2026

    119

    Talybymyz — Şa serpaýyna mynasyp boldy

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Amangeldi Ýegenowyň Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolmagy institutymyz üçin uly buýsançly waka boldy. Ýaş žurnalistiň döredijilik ýolunda gazanan bu uly üstünligi onuň yhlasly zähmetiniň, döredijilik gözlegleriniň, saýlap alan hünärine bolan söýgüsiniň we täzeçil başlangyçlarynyň mynasyp netijesidir.
    Amangeldi Ýegenow žurnalistikanyň dürli ugurlary bilen bir hatarda, dokumental kino sungatyna, milli taryhymyzy we medeni mirasymyzy häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri arkaly açyp görkezmäge aýratyn gyzyklanma bildirýär. Ol taýýarlanylýan döredijilik işlerinde häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň, şol sanda emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, halkymyzyň şöhratly taryhyny, beýik şahsyýetleriň ömür ýoluny we milli gymmatlyklarymyzy döwrebap görnüşde tomaşaçylara ýetirmek ugrunda döredijilikli zähmet çekýär.
    Talyp deň-duşymyzyň şeýle abraýly bäsleşikde ýeňiji bolmagy diňe bir onuň şahsy üstünligi bolman, eýsem, institutymyzyň, halypa mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň hem üstünligidir. Sebäbi her bir üstünligiň aňyrsynda irginsiz zähmet, deň-duşlaryň ýardamy, halypa mugallymlaryň goldawy bar.
    Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda gazanylan bu üstünlik has-da aýratyn many-mazmuna eýedir. Ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryna, bilim almagyna, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegine döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde ýaş nesliň wekilleri dürli ugurlarda ýokary netijeleri gazanýarlar. Amangeldi Ýegenowyň Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyna mynasyp bolmagy hem, şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan ýaşlaryň döredijilik üstünlikleriniň aýdyň mysallarynyň biridir. Biz talyp deň-duşymyzyň bu ýokary üstünligine tüýs ýürekden buýsanýarys. Onuň gazanan ýeňşiniň geljekde has uly döredijilik üstünlikleriniň, täze dokumental taslamalaryň, täsirli žurnalistik eserleriň başlangyjy boljakdygyna ynanýarys.
    Talyp deň-duşymyzy bu ýokary sylag bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we oňa okuwynda, döredijilik ýolunda mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýäris!

    Aýsona AMANJAÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    Baýramçylyga bagyşlanan dabara surady

    11/09/2026

    Baýramçylyga bagyşlanan dabara
    Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ýaşlara umumy okuw sapagyny geçdi surady

    03/09/2026

    Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ýaşlara umumy okuw sapagyny geçdi
    TALYPLYK BAGTYMYŇ AK DAŇY surady

    31/08/2026

    TALYPLYK BAGTYMYŇ AK DAŇY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI